Esaslar

Startup – täze, döredijilikli biznes pikiri bolan, innowasion we uly maksatlary öz içine alýan ýaş kompaniýa bolup, köplenç maýa goýumlaryna mätäçdir. Startup, täze peýda bolan bazary ýa-da onuň segmentini özleşdirmäge gönükdirilen täze kompaniýanyň döreme tapgyrydyr.

Ýunikorn (Ýa-da "Unicorn")
Ýunikorn (unicorn) – bazar bahasy 1 milliard dollardan ýokary bolan startup. Şeýle kompaniýalar çalt ösüşi bilen tapawutlanýarlar. Ortaça statistika görä, 100 startapdan diňe 10-sy 4-5 ýyldan gowrak üstünlikli dowam edýär, we şol 10-dan diňe biri “ýunicorn” bolýar, ýagny uly girdeji getirýär.

Wençur – töwekgelçilikli taslama, biznes ýa-da kapital görnüşidir. Näçe köp töwekgelçilik bolsa, şonça hem ýeňiş we ýokary girdeji mümkinçiligi artýar.

Faunder we Kofaunder
Faunder – startup-yň esaslandyryjysy.
Kofaunder – startup-yň bilelikdäki esaslandyryjysy.

"Google/Samsung ýa-da beýleki uly brendleriň öldürijisi" – örän uly maksatly startup bolup, önümini özboluşly we tapawutly hasaplaýar. Bu termin köplenç gülki ýa-da ironiýa hökmünde ulanylýar. Ýöne käte şeýle startaplar hakykatdan hem uly brendleriň bäsdeşine öwrülip bilýärler.

Maýa Goýum Bilen Baglanyşykly Terminler

Fandraýzing(Fundraising) – kompaniýanyň özbaşdak üpjün edip bilmeýän, emma belli bir taslamany ýa-da umumy işini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maliýe we beýleki serişdeleri çekmek prosesi.

Pre-Money Bahalandyrmasy (Pre-Money Valuation) – kompaniýanyň bahasynyň, mümkin bolan maýa goýumlaryny goşmazdan öňki kesgitlenmesi. Bu bahalandyrma, startup maýa goýum almanka, onuň näçe baha durup biljekdigini görkezýär.

Post-Money Bahalandyrmasy (Post-Money Valuation) – kompaniýanyň maýa goýumlary kabul edensoňky bahasy. Ol pre-money bahalandyrmasyny we üstüne goşulan maýa goýumy öz içine alýar.

Raund (Round)– biznesiň ösüşi üçin maliýe serişdelerini çekmegiň tapgyry. Raýundlar taslamanyň ösüş tapgyrlary bilen berk baglanyşyklydyr. Her tapgyrda tapawutly aýratynlyklar, töwekgelçilik derejesi we perspektiwalar bolýar. Şonuň üçin, dürli inwestorlary özüne çekýär.
Raundlaryň görnüşleri:
Irki tapgyrlary: Pre-seed, Seed, A
Giçki tapgyrlary: B, C, D

Kapitalizasiýa Tablicasy (Cap Table) – kompaniýanyň paýdarlarynyň (esaslandyryjylar, inwestorlar we ş.m.) paýlarynyň göterimini hronologiýa boýunça görkezýän tablica. Her maýa goýum tapgyrynda kompaniýanyň paýlarynyň nädip paýlanjakdygyny hem görkezýär.

SAFE (Simple Agreement for Future Equity) – bu inwestor bilen kompaniýanyň arasynda baglaşylýan şertnama bolup, ol inwestora geljekde kompaniýanyň paýlaryny satyn almak hukugyny berýär. Inwestor häzirki wagtda maýa goýýar, emma paýlaryny geljekde belli bir wakadan soň (mysal üçin, likwidlik hadysasy) alýar.

Trekşn (Traction) – potensial inwestorlara startapyň özüne çekiji maýa goýumdygyny görkezýän görkeziji görkezijiler we üstünlikler toplumy. Esasan müşderileriň, ulanyjylaryň sanynyň we satuwlaryň ösüşine üns berilýär.

Termşit (Term Sheet) – geleşik şertleriniň esasy jikme-jikliklerini öz içine alýan resminama. Onda bahalar, möhletler, gizlinlik we inwestor bilen startup-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki şertleri görkezilýär.

Dýu-Dilijens (Due Diligence) – inwestor tarapyndan taslamanyň töwekgelçiliklerini anyklamak üçin kompaniýanyň geçmişini, häzirki ýagdaýyny we geljegini çuňňur seljermek prosedurasy. Ýuridiki, maliýe we tehnologiýa resminamalaryny barlamak bilen baglanyşykly.

Tranş (Tranche) – karzyň ýa-da kredit töleginiň bir bölegi. Tranşlar köplenç bölekleýin maliýe serişdeleri bermekde ulanylýar.

Doşirak-Rentabelnost (Ramen-Profitable) – startup-yň az girdejili, emma çykdajylaryndan ýokary girdeji gazanýan ýagdaýy. Bu ýagdaýda kompaniýa azajyk peýda getirýär, emma eýeleri üçin uly girdeji getirýän tapgyr däl.

Egzit (Exit) – inwestoryň kompaniýadaky paýyny satyp, taslamadan çykmagy. Şeýlelik bilen, inwestor taslama goýlan maýasyny yzyna alýar.

Startapyň Prezentasiýasy Bilen Baglanyşykly Terminler

Piç (Pitch) – potensial inwestorlaryň öňünde taslamany gysga we gurluşly görnüşde hödürleýän prezentasiýa. Piç şahsy görnüşde bolup biler, ýagny inwestoryň ofisine baryp görkezilýär, ýa-da piç-sessiýalarda we demo-günlerinde geçirilýär. Bu çärelerde inwestorlar birnäçe startapy bir wagtda gözden geçirýärler.

“Lift Piçi” (Elevator Pitch) – taslamany birnäçe minutda gysga we çalt görnüşde hödürlemegiň usuly.
Iki görnüşi bolýar:
Tötänleýin lift piçi – siz gerek bolan adam bilen tötänleýin duşuşanyňyzda ýa-da tanyşanyňyzda ýerine ýetirilýär.
Planlaşdyrylan lift piçi – öňünden meýilleşdirilýär, belli bir adam bilen duşuşmak üçin ýörite taýynlyk görülýär.
Her ýagdaýda, lift piçine öňünden taýýarlykly bolmak maslahat berilýär.

Inwest-dek (Invest Deck) – inwestoryň taslama bilen ilkinji tanyşmagy üçin taýýarlanan slaýd prezentasiýasy. Bu prezentasiýa aşakdakylary öz içine alýar:
  • Taslamanyň esasy ideýasy
  • Startapyň çözýän meselesi
  • Bazar bahalandyrmasy
  • Strategiýanyň beýan edilmegi
  • Toparyň beýany
  • Maliýe modeli we inwestora teklip

Piç-dek (Pitch Deck) – piç wagtynda ulanylýan slaýd prezentasiýasy. Bu prezentasiýa, köplenç Invest Deck-den has gysga bolup, çykyş edýän adamyň gürrüňini şekillendirmek üçin niýetlenendir.

Startap Işi Bilen Baglanyşykly Terminler

Roadmap – startapyň başlangyç nokadyndan, önümi bazara çykarmaga çenli geçjek ýoly ýa-da meýilnamasy. “Ýol kartasynda” esasy ädimler görkezilýär we olar aşakdakylary öz içine alýar:
  • Gelýän girdejiniň mukdary
  • Müşderi sany
  • Önümiň ösüş tapgyrlary

Dashboard (Daşbord) “Görkeziji panel” bolup, bu ýerde işiň hakyky ösüşini we ýagdaýyny görkezýän esasy görkezijiler ýerleşdirilýär. Startaplar adatça ilkinji daşbordlaryny Google Sheets-de taýýarlasa-da, işewürlik ösende öz programmalaryny döredýärler.

Pivot (Piwot) – iş modelini ýa-da strategiýasyny üýtgetmek. Statistik gözegçiliklere görä, startaplar köplenç beýleki kompaniýalara garanyňda öz strategiýalaryny üýtgedýärler.

B2B (Business to Business) – biznes model bolup, kompaniýa şahsy müşderiler bilen däl-de, beýleki kompaniýalar bilen işleýär.

B2C (Business to Customer) – şahsy müşderiler bilen işleşmegi göz öňünde tutýan biznes modeli. Käbir kompaniýalar hem B2B, hem-de B2C önümlerini hödürläp bilerler, ýagny hyzmatlaryny hususy adamlara we guramalara görkezip bilerler.

HADI Cycles (HADI-Sikl) – gipotezalary barlamagyň usuly bolup, dört bölekden ybarat:
  • Gipoteza (Hypothesis)
  • Hereket (Action)
  • Maglumat (Data)
  • Netijeler (Insights)
Bu usul, startaplaryň gipotezalaryny tiz barlamaga kömek edýär.

Ösüş Drayweri (Growth Driver) – netijeleri gowulandyrýan we ösüşe uly täsir edýän ölçenip bilinýän görkezijidir. Mysal üçin, B2C kompaniýalarda ortaça satuw mukdaryny artdyrmak ösüş drayweri bolup biler.

Önüm Bilen Baglanyşykly Terminler

Killer Feature (Killer-funksiýa) – önümiň bäsdeşlerine garanda güýçli artykmaçlyk berýän aýratynlygy. Bu aýratynlyk, önümiň bazarda üstünlik gazanmagyna kömek edýär.

Free Trial (Mugt Synag)SaaS hyzmatlary üçin ulanyjylara mugt berilýän synag döwri. Adatça, 14 günüň dowamynda dowam edýär. Şol wagt ulanyjy önümi synap görýär we tölegli abuna ýazylyp-ýazylmazlyk hakynda karar berýär.

MVP (Minimal Ýaşaýyşa Ukyby Bar Önüm) – önümiň işläp bilýän iň ýönekeý prototipi. Bu prototip bazardaky islegi barlamak üçin ulanylýar. MVP, giňişleýin önüm öndürmezden öň, gipotezalary barlamak üçin möhüm.

Lead Magnet (Lid-magnet) – önümiň gymmatly bölegi bolup, potensial müşderilere belli bir hereket üçin mugt berilýär (meselem, e-poçta abunasyna ýazylmak). Ol:
  • Gymmatly maglumatlar (newsletter)
  • Synag sürüşi
  • Mugt synag (trial) görnüşinde bolup biler.
Lid-magnetleriň ulanylmagy, satuw funneliniň täsirli ädimleriniň biridir.
icon - /uploads/s/h/h/p/hhp2lczs67ji/img/full_PNPko9cb.png
StartUp Academy – bu startaplaryň ösmegi we ösüşi üçin giňişlikdir
USAID-iň FGI programmasynyň goldamagynda